Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde muzeýde «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahaty geçirildi.
“Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pragy” ýylnyň ajaýyp üstünlikleri halkymyzyň ruhyny galkyndyryp taryhyň gatlaryna altyn setirler bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sine “Abstrakt” çeperçilik akymynda ýerine ýetirilen eserlerden düzülen “Sözsüz sungatyň öwüşginleri” atly sergi guraldy.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly dürli ugurlarda ýeňişli menzilleri nazarlap, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has belende galdyryp, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ýyllaryň biri hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri wasp etmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak, çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Iň gowy monografiýa, ylmy makala, eser» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky agzybirlik bilen Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin asylly zähmet çekýärler. Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini hem-de häzirki döwrüň talaplaryny nazara alyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä ýaň salýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli şekillendiriş sungatymyz gülleýär gül açýar.
Ylmyň we bilimiň gülläp adamzat jemgyýetini kämillige tarap alyp barýan ýyllarynda «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylmyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, muzeýiň direktory I.Orazowyň ýolbaşçylygynda şeýle-de muzeý hünärmenleriniň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy maglumatlar boýunça çykyşlar diňlenildi.

TÄZELIKLER