Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Ata watanymyzda diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda hem uly üstünlikler gazanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler ýetilýän belent sepgitleri görmäne göz taryplamana şirin zyban gerek. Döwletimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, işlemegine, döretmegine, milli gymmatlyklaryny öwrenmegine we olaryň taryhy ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň ýollar açylýar.
Keremli türkmen topragymyzda külli adamzat nesliniň ösüşine itergi beren beýik alymlar, şahyrlar, ýaşap geçipdirler. Şol akyldarlaryň döreden taglymatlary, ruhy ahlak ýörelgeleri, adamzat pelsepesiniň we çeper aň medeniýetiniň ösmegine uly täsir etmek bilen nesillere miras galdyran ruhy hazynasy durmuşyň ähli pursatlarynda ýol görkeziji bolup gelýär.
Her bir ýurduň medeniýeti, taryhy bilen sazlaşykda ösýän şekillendiriş sungaty älem gözellikleriniň genji hasaplanýar. Sungatyň ugurlarynyň köpdürli bolşy ýaly, olarda ýörelgedir, däp-dessurlar hem köptaraplaýyn bolýar. Sungatyň islendik görnüşine köňül beren adamyň öz edýän işine döredijilikli çemeleşmegini tebigylyk saýýarlar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde dekabr aýynyň 1-ne sagat 15:00-da Türkmenistanyň halk suratkeşi heýkeltaraş Welmyrat Jumaýewiň 70 ýyllygy ,we Suratkeş Merdan Kakabaýewiň "Çaý Başyndaky dessanlar" atly döredijilik sergisiniň açylyşy.
Hormatly Prezidentimiz söz ussadyna: „Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr“ diýip, örän ýokary baha berýär. Hakykatdan hem dana Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletimiziň binýady berkden tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýär. Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym-bilimiň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr.
Watanymyzda diňe bir ykdysady däl, eýsem, ruhy-medeni ulgamda hem uly üstünlikler gazanylýar. Munuň şeýledigine halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine itergi berýän Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Eziz topragymyzdan önýän gök bakja önümlerimiz şirinden-şeker datly gawundyr, garpyzlarymyz döwletli saçaklarmyzyň bezegi bolmak bilen halkymyzyň bolelin ýaşaýşyndan habar berýär.