Mukaddes topragymyzda önýän galla we gök bakja önümlerimiz ata watanmyzyň, ene topragymyzyň berekediň we bolçulygyň mekanydygyndan habar berýär. Babadaýhanyň alyn deriniň çeken zähmetiniň miwesi bolan bereketli hasylyň toýy ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen birlikde ylym-bilim ulgamy hem döwrüň ösen talabyna laýyklykda kämilleşýär. Halkyň aň-bilim düşünjesini, ruhuny kämilleşdirmäge gönükdirilen medeniyet we sungat ulgamynyň alyp barýan işi milletimiziň ruhy derejesini kesgitleýär.