Mähriban Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, 2023-nji ýylyň 22-nji awgustynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda asuda diýarymyzyň her bir güni taryhy ösüşlere beslenýär. 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda Ata Watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenip, taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýly Watanymyzda medeniýet we sungat ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ähmiýetli işleri netijesinde uly ösüşler gazanylýar.
Diýarymyzda dürli baýramçylyk çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda ýerleşýän ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlarynyň döredijiligine aýratyn uly üns berilýär.
Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden amaly-haşam sungatyna degişli göçme sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde awgust aýynyň 14-ne sagat 15:00-da Türkmenistanyň sungatda at gazanan heýkeltaraşy Nurmuhammet Ataýewiň 80-ýyllygy we Türkmenistanyň halk suratkeşi, nakgaş Ýewgeniýa Adamowanyň 110-ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergileriniň açylyşy.
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» eziz diýarmyz taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2023-nji ýylyň 9-njy-awgustynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde “Alaja - ýüpekçilik sungaty” atly sergi hem-de tele ýazgy geçirildi.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» Türkmen halkymyzyň milliligini gorap saklamak ony geljekki nesillere ýetirmekde döwletli işler durmuşa geçirilýär. Eziz diýarymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen ''Mähir siňen nepislik'' atly dabaraly maslahatda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gazna eserlerinden göçme sergisi gurnaldy.
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» iki halkyň arasyndaky dostluk-doganlyk ýörelgelerinde hem barha öňe gidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2023-nji ýylyň 3-5-nji awgust aralygynda Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeçkanyň döredijilik sergisini synlamak bolýar.